«Netflix» meşhur filmde ulanylan telefon belgisini üýtgeder

18:0807.10.2021
0
4748

«Netflix» akym hyzmaty “The Squid Game” serialy üçin telefon belgisini redaktirlär. Filmiň ýordumyna görä, gahrymanlar uly baýrak pullary üçin diri galmak oýnuna gatnaşýandyklaryny tassyklamak üçin wizitkada görkezilen belgä jaň edýärler.

Görnüşi ýaly, beýle san hakykatda bar we film çykandan soň, "oýna gatnaşmak" isleýänlerden günde müňlerçe jaň alyp başlady. «Netflix» tomaşaçylardan «Squid Game»-de wizit kartoçkasyndan belgä jaň etmekden we habar bermekden saklanmagyny isledi diýip «esquire.ru» habar berýär.

“Squid Game” 17-nji sentýabrda akym platformasynda goýberildi we bir hepde soň dünýä tomaşaçylarynyň arasynda birinji orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň