Soňky habarlar

Arhiw

«Röwşen» hususy kärhanasy uly sowgatly aksiýa yglan edýär

17:4307.10.2021
0
7104

Ýurdymyzda tebigy deriden aýakgap öndürmekde meşhurlyk gazanan «Röwşen» hususy kärhanasynyň dükanlarynda müşderilere aksiýa yglan edilýär. Dükanlarda 1500 - 2000 manatlyk söwda eden müşderilere 1 (bir) sany bahasy kesgitlenen aýakgap sowgat berilýär.

«Satyn almak + sowgat» diýip atlandyrylýan aksiýa şu gün 7-nji oktýabrda başlanýar.

«Röwşen» hususy kärhanasy tebigy deriden aýakgap taýýarlamakda Türkmenistanyň iň tanymal haryt-nyşanydyr. Şu haryt-nyşany astynda 2003-nji ýyldan bäri nusgawy biçüwdäki erkek aýakgaplary, zenanlar we çagalar üçin niýetlenilen dürli görnüşli aýakgaplar, şeýle hem sport aýakgaplary öndürilýär. Kärhananyň söwda dükanlary Aşgabat şäherinde, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryň merkezi we beýleki iri şäherlerinde ýerleşip, onuň umumy 30-dan gowrak söwda nokatlary bar.

Bu kärhananyň harytlary Türkmenistanyň ykdysady gazananlaryna bagyşlanan sergilerde birnäçe gezek görkezildi. «Röwşen» haryt-nyşanly önümler diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem Russiýa Federasiýasynda hem meşhurdyr.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň