Argentinaly zoologlar kenarda batan kiti halas etdiler

17:2207.10.2021
0
2972

Argentinanyň kenarýakasyndaky ýalpak suwlarda batan kit, halas ediş zoologlary tarapyndan üstünlikli halas edildi.

Uzynlygy 8,5 metr, agramy 7 tonna bolan bu haýwan näbelli sebäbe görä kenarda batdy. Ony halas etmek üçin ekskawator ulanyldy. Kit özüni çuňlukda tapandan soň, tizden-tiz özüni dürsedi we ummanyň çuňlugyna siňip gitdi.

Alymlar gitdigiçe köp kitiň Argentinada we Braziliýada kenara çykmagyna alada bildirýärler.

“Euronews”-yň habaryna görä, kitiň soňky birnäçe günüň içinde ikinji gezek kenarda ýuwulmagydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň