Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» ylmy-nazaryýet žurnalda çap edilen makalalaryň özenini düzýän sowal-jogap, seljeriş we statistiki maglumatlar milli Liderimiziň köpugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny şöhlelendirýär.
Ýylda bir gezek çapdan çykýan žurnalda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça tutuş ýurdumyzda ýaýbaň¬landyrylan düýpli we demokratik özgertmeleriň esasy ugurlary hem-de wezipeleri aýdyň açylyp görkezilýär.
Geçen 2020-nji ýyl ýurdumyzyň ýyl ýazgysyna möhüm wakalar bilen girdi. Şolarda ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmakda hem-de sanlylaşdyrmakda, döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmekde, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda ata Watanymyzyň gazanan üstünlikleri we depginli ösüşleri beýan edilýär. Žurnalda ýerleşdirilen makalalaryň esasy mowzuklary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy we 2019-njy ýylda HalkMaslahatynyň mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy boýunça kabul edilen çözgüde laýyklykda badalga berlen konstitusion özgertmeleriň täze tapgyrynyň üstünlikli tamamlanmagy hakda boldy.