Soňky habarlar

Arhiw

Döwletjan Ýagşymyradow Karl Albrektsson bilen boljak tutluşyga taýýarlanýar

14:5906.10.2021
0
15453

Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow şwesiýaly Karl Albrektsson bilen boljak tutluşyga «American Top Team» sport zalynda taýýarlanýar. Bu ýerde UFC-niň köp sanly çempionlarynyň hem öz türgenleşik işlerini alyp barýandygyny nygtamak gerek.

«American Top Team» akademiýasy Maýamiden 60 kilometr uzaklykdaky Kokonat-Krik şäherinde ýerleşýär.

Biziň ildeşimiziň «Bellator 268»-däki tutluşygynyň 16-njy oktýabrdan 17-nji oktýabra geçilýän gije ABŞ-nyň Arizona ştatynyň Finiks şäherinde boljakdygyny ýatladýarys. Ýaryş bu şäherdäki «Futprint Sentr» arenasynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň