Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň yşyklandyrylyşy bilen bagly tabşyryklary berdi

22:4805.10.2021
0
13828

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özbegistandan Aşgabada gelende, paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň we onuň töwerekleriniň yşyklandyrylyşynyň özboluşly aýratynlyklaryna üns berdi.

Häzirki wagtda Aşgabat dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Onuň bezeg aýratynlyklarynyň biri hem gijeki yşyklandyrylyşy bilen baglydyr. Dürli öwüşginli çyralar paýtagtymyzyň gözelligini has-da artdyrýar. Döwlet Baştutany şäheriň her bir künjeginiň, şol sanda dürli maksatly desgalaryň degişli yşyklandyryş ulgamlary bilen üpjün edilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýer Ç.Purçekowa anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda, şeýle hem tutuş ýurdumyzda binalaryň we desgalaryň, şol sanda ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň bezegine, olaryň yşyklandyrylyşyna uly üns berilmelidir diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Döwlet Baştutany soňky ýyllarda paýtagtymyzyň binagärlik keşbinde, onuň gijeki görnüşinde innowasion tehnologiýalaryň we sanly ulgamlaryň işjeň ulanylýandygyny belledi. Munuň özi şäheriň gözelligine gözellik goşýar. Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäheriniň bezegine, dürli yşyklandyryş çözgütleri arkaly özboluşly öwüşgini döretmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, degişli görkezmeleri berdi hem-de bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň