Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky «City Business School» sizi dört günlük marafona çagyrýar

11:4806.10.2021
0
5510

Aşgabatdaky «City Business School» («Şäher işewürlik mekdebi») ýakyn günlerde sizi dört günlük marafona (marafon – öňdelik ugrunda ýaryş) çagyrýar.

«City Business School» («Şäher işewürlik mekdebi») tarapyndan geçiriljek dört günlük marafona gatnaşmaga isleg ähli telekeçiler we telekeçilik işine ýaňy başlan işewürler:

• Girdejiniň täze derejesine ýetmek;
• Döredijilikli pikirlenmäni güýçlendirjek tehniki usullary öwrenmek;
• Öz satlyk önümiňiz üçin şahsy markaňyzy döretmek;
• SMM marketinginiň üsti bilen harytlary ýa-da hyzmatlary öňe sürmekde haýsy sanly strategiýanyň täsirlidigine düşünmek babatda peýdaly maslahat alarlar.

Aşgabatdaky «City Business School» («Şäher işewürlik mekdebi») tarapyndan geçiriljek dört günlük marafonda şu aşakdaky temalara serediler:

• Döredijilikli pikirlenme;
• Şahsy marka;
• SMM marketing;
• Üstünlikli satuw endikleri.

Marafon 11 — 14-nji okatýabr aralygynda ýörite telegram kanalynda geçiriler.

Aşgabatdaky «City Business School» («Şäher işewürlik mekdebi») tarapyndan geçiriljek dört günlük marafona @mba_turkmenistan sahypasyna girip, gatnaşyp bilersiňiz. Gatnaşyjylaryň her biri «Direct» diýen ýere «Men gatýaşýaryn» sözüni ýazyp, telegram kanalyna goşjak aragatnaşyk telefon belgiňizi goýmaly.

Marafona gatnaşyjylaryň her biri gysga göwrümli wideo şekillerine, tutorlardan goşmaça okuw gollanmalaryna eýe bolar.

Marafona gatnaşyjylaryň her biri öý işleriňi her gün ýerine ýetirseler, olara baha hökmünde «Ýyldyz» görnüşi berler. Jemi 4 ýyldyzly iň işjeň gatnaşyjylar, marafonyň ahyrynda CBS okuwlarynyň birine muzdsuz (tölegsiz) girip bilerler.

Ähli soraglar üçin şu telefon belgilerine jaň edip, özüňizi gyzyklandyrýan sowallara jogap alyp bilersiňiz: +993 61 38-64-17, +993 12 46-81-65.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň