Arhiw

Aşgabatdaky Fransuz instituty “Gamer” tapgyrlaýyn kitaplarynyň awtory bilen geçiriljek onlaýn-duşuşyga çagyrýar

09:1605.10.2021
0
2438
Aşgabatdaky Fransuz instituty “Gamer” tapgyrlaýyn kitaplarynyň awtory bilen geçiriljek onlaýn-duşuşyga çagyrýar

Türkmenistandaky Fransuz instituty 11-16 ýaş aralygyndaky B1 we B2 derejeli ýetginjek öwrenijileri wideooýunlar dünýäsinde döredilen meşhur “Gamer” tapgyrlaýyn kitaplarynyň awtory, fransuz dilli kanadaly ýazyjy Pýer-Iw Wilnew bilen geçiriljek onlaýn duşuşyga gatnaşmaga çagyrýar. Duşuşyk Kanadanyň Ankaradaky ilçihanasy we Türkmenistandaky Fransuz instituty bilen bilelikde guralýar.

Onlaýn aragatnaşykda geçiriljek duşuşyga gatnaşyjylar 13-nji oktýabrda sagat 18:30-da ift.culture@gmail.com elektron salgysy arkaly hasaba alnar. Hasaba alnan gatnaşyjy agzalara “Gamer” tapgyrlaýyn eseriniň 1-2-nji kitaplaryndan bölekler iberiler.

Pýer-Iw ylym we tehnika ugurlary bilen köp gyzyklanýar. Ol edebiýat älemine gadam basmazdan öň, ýyldyzlary öwrenmek maksady bilen astrofizik bolmagy maksat edinipdir. Özboluşly žanry saýlap alan ýazyjy kitap satyjysyndan söwda komissaryna, neşirçiden edebi redaktora, soňra bolsa meşhur ýazyjylyga çenli zähmet ýoluny geçip, kitap dünýäsiniň ähli pudagynda diýen ýaly işleýär.

Häzirki wagtda ol ýaşlar üçin neşir edilýän “Curium” ylmy žurnalynda zähmet çekýär. Ýazyjy 2016-njy ýyldan bäri edebi eserlerini okyjylar köpçüligine ýetirýär.

“Gamer-iň” Facebook-daky tapgyrlary: https://www.facebook.com/SERIEGAMER

  • Pýer-Iw Wilnewiň Facebook-daky hasaby:
  • https://www.facebook.com/PierreYvesVilleneuveAutor
  • Pýer-Iw Wilnewiň Instagramdaky hasaby: @ pierre.yves_villeneuve


Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň