Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoluny geçdi we welosipedli gezelenç etdi

10:1504.10.2021
0
3714

Dynç güni, 3-nji oktýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýoluny geçip, sport maşklary bilen meşgullandy we welosipedli gezelenç etdi.

Tebigatyň bu täsin künjeginde güýz paslynyň sergin howaly säherinde ýakymly howa gurşawy emele geldi. Dag howasynyň tenekarlygy güýz paslynyň ynsan ruhuny göterýän säheriniň hoştaplygy bilen utgaşyp, adamlary beýik maksatlara ruhlandyrýar.

Türkmen Lideri Saglyk ýolundan geçýän mahalynda, künjegiň gözelliklerini, dag etekleriniň tebigy aýratynlyklaryny synlady we Saglyk ýoluny geçmegini dowam edip, hemişe bolşy ýaly, köp kilometrlik aralygy pyýada geçdi.

Döwlet Baştutany ýoluň tutuş dowamynda ýanaşyk çäkleriň abadanlaşdyrylyşyny, şol sanda belent dag gerişlerinden beýik türkmen nusgawy şahyry, akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň bina edilýän meýdançasyny we onuň ýanaşyk ýerlerini synlady. Häzirki döwürde akyldar şahyryň heýkeliniň oturdylan ýerinde degişli gurluşyk we abadanlaşdyryş işleri batly depginlerde alnyp barylýar.

Türkmen Lideri Saglyk ýoly boýunça guralan ýörişi tamamlandan soň, welosipedli gezelenç etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň