Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana iki günlük resmi sapary başlady

14:2804.10.2021
0
6864

Döwlet Baştutany resmi saparynyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirer. Şeýle-de giňişleýin düzümde geçiriljek duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, beýleki birnäçe ugurlarda, hususan-da, senagatda, oba hojalygynda, ylymda hyzmatdaşlygy ösdürmage aýratyn orun berler.

Ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň netijeleri boýunça iki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmegine itergi berjek ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.

Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana resmi saparynyň çäklerinde Türkmen-özbek ykdysady forumy geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň