Soňky habarlar

Arhiw

Moskwada zibil satýan onlaýn bazar işleýär

13:4803.10.2021
0
2812
Moskwada zibil satýan onlaýn bazar işleýär

Moskwa sebitinde zibil satmak üçin adaty bolmadyk onlaýn bazar açyldy. Moskwa şäherindäki we sebitindäki galyndylary gaýtadan işleýän iň iri kompaniýa tarapyndan döredilen söwda platformasy, müşderilerine takmynan iki görnüşli gaýtadan işlenip bilinýän materiallary, hususan-da, briketlere gysylan we gaýtadan işlemäge taýyn galyndylary hödürleýär.

Bazaryň esasy alyjylary, gaýtadan ulanylýan materiallary özbaşdak ýygnamak mümkinçiligi bolmadyk kiçi gaýtadan işleýän kompaniýalardyr. Söwda platformasy zerur bölekleri saýlamaga, zerur göwrümi görkezmäge we gysga wagtyň içinde zibil barmaly ýerine eltilmäge mümkinçilik berýär diýip mir24.tv habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň