Soňky habarlar

Arhiw

“Apple Watch Series 0” taryha siňýär

13:4103.10.2021
0
3413

“Apple” korporasiýasy “Apple Watch Series 0” «akylly» sagatlarynyň möwritiniň ötendigini yglan etdi.

Bu kompaniýa tarapyndan öndürilen ilkinji «akylly» sagatdyr.

Kompaniýanyň syýasatyna görä, öndürilenine 5 ýyldan 7 ýyla çenli bolan enjamlar köne, möwriti geçen hasaplanylýar. Ýadyňyzda bolsa, “Apple Watch Series 0” 2015-nji ýylyň aprelinde çykdy, bir ýyl soň “Apple Watch Series 1” we “Apple Watch Series 2” satuwa çykarylypdy.

Enjamyň könelmegi goldawlaryň çäklendiriljekdigini we abatlaýyş mümkinçilikleriniň azaljakdygyny aňladýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň