Arhiw

Hökümet mejlisinde Türkmenabat Halkara howa menzilinden rejeli howa ýük gatnawlaryny ýerine ýetirmek işine seredildi

23:1201.10.2021
0
975

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna Türkmenabat Halkara howa menzilinden rejeli howa ýük gatnawlaryny ýerine ýetirmäge rugsat almak barada hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, awiasiýa ulgamyny dolandyrmak, menejmentiň döwrebap usullaryny giňden ornaşdyrmak meselelerine ünsi çekdi. Munuň özi döwrüň talaplary bilen şertlendirilendir hem-de olaryň öňünde goýlan wezipeleri nazara almak bilen, döwlet düzümleriniň işini has-da kämilleşdirmegiň aýrylmaz şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri agentligiň ýolbaşçysyna bu pudagyň kärhanalarynyň işini degişli derejede üpjün etmegi hem-de hereketleriň anyk meýilnamasynyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany awia ýük daşamalarynyň ýurdumyzyň sebitlerini baglanyşdyryp hem-de halkara logistika giňişligine goşulmak bilen, ýurdumyzyň ulag ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň