Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Özbegistan bilen elektrik energiýasynyň eksportunyň möhletini uzaltmak boýunça gepleşikleri alyp barýar

23:0601.10.2021
0
1019

Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow döwlet Baştutanyna eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda elektrik energiýasynyň goňşy ýurtlara — Owganystana, Eýran Yslam Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna hem-de Özbegistan Respublikasyna iberilişi her ýyl artdyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň noýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen “Özbegistanyň milli elektrik ulgamlary” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda degişli şertnama baglaşyldy, şol şertnamanyň möhleti 2021-nji ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer bu ugurda alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hyzmatdaş daşary ýurtlar, ilkinji nobatda, Türkmenistany asyrlaryň synagyndan geçen ysnyşykly dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýan ýakyn goňşular bilen köptaraplaýyn özara hereketleriň pugtalandyrylmagyna berilýän ähmiýetiň örän möhümdigini nygtady.

Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän giň gerimli işler içerki sarp edijileri, şol sanda iri senagat toplumlaryny we köp sanly durmuş desgalaryny elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün edip, Türkmenistanyň energetika garaşsyzlygyny berkitmek bilen birlikde, daşary ýurtlara, ilkinji nobatda, serhetdeş ýurtlara elektrik energiýasynyň eksport edilişiniň mümkinçiligini ep-esli giňeltmäge ýardam berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň