Türkmenistanda Mahatma Gandiniň doglan güni bellenildi

13:1202.10.2021
0
7448

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Widhu Pithambaran Nair hindi gumanisti we syýasatçysy Mahatma Gandiniň doglan gününe bagyşlanan dabara geçirdi. Bu barada Hindi ilçihanasynyň Facebookdaky resmi hasabynda habar berildi.

Adatça hindi gül bezeglerinde ulanylýan mämişi marigoldlardan güller «Bagtyýarlyk» sport toplumynyň çägindäki Aşgabatdaky Gandi ýadygärligine goýuldy.

Şeýle hem hindi ilçihanasynda Mahatma Gandiniň durmuşy barada wideogörnüşler görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň