Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň häkiminiň täze orunbasaryny wezipä belledi

22:4030.09.2021
0
5510
Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň häkiminiň täze orunbasaryny wezipä belledi

30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda Hojamyrat Aşyrmyradow Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesine Röwşen Jepbargulyýewiç Hojagulyýew bellenildi.

Ahal welaýat häkiminiň ozalky orunbasary Hojageldi Hojageldiýew özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin bu wezipeden boşadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň