Soňky habarlar

Arhiw

Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan wideogörnüşler görkezildi

19:0030.09.2021
0
6002

Kuala-Lumpur şäher häkimliginiň fasadyna, Merdeka meýdançasynyň öňünde ornaşdyrylan Malaýziýanyň iň uly ekranynda (beýikligi 93 metr, ini 37 metr) Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli wideogörnüşler görkezildi. Bu barada Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasynyň resmi web saýtynda habar berildi.

Bu çäre 27-nji sentýabrda geçirildi. Guramaçy Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasydyr.

Şeýlelik bilen, Kuala-Lumpur şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary Türkmenistan barada has köp maglumat almaga mümkinçilik aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň