Soňky habarlar

Arhiw

Pekindäki gyşky Olimpiýa oýunlary daşary ýurtly tomaşaçylar bolmazdan geçiriler

17:2030.09.2021
0
4996

Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlaryna biletler diňe Hytaýda ýaşaýan janköýerlere satylar ― diýip, Halkara Olimpiýa komitetiniň (HOK) internet sahypasynda habar berilýär.

Gyşky Olimpiýa oýunlaryna tomaşa etmek isleýänler koronawirusa garşy düzgünlere eýermelidiler. Biletleri satmak meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar we gaýtadan işlenýär, bu baradaky maglumat soňrak yglan ediler.

Pekinde 2022-nji ýylda geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlarynda koronawirusa garşy sanjymy doly tamamlan ähli türgenler we gatnaşyjylar Pekine gelensoň ýapyk ulgamda ýerleşdiriler. Sanjym edilmedik türgenler Hytaýyň paýtagtyna gelenden soň 21 gün karantin geçmeli bolar. Pekine gelen ähli gatnaşyjylar (Olimpiýa obalarynyň türgenlerinden we türgenleriň ýanyndaky wekiliýetiň käbir agzalaryndan başga) guramaçylar tarapyndan kesgitlenen koronawirusa garşy çärelere laýyk gelýän myhmanhanalarda ýerleşdiriler. Oýunlaryň gatnaşyjylary we işgärleri her gün koronawirusa garşy barlanylar.

Pekinde gyşky Olimpiýa oýunlary 2022-nji ýylyň 4 ― 22-nji fewraly aralygynda, Paralimpiýa oýunlary bolsa 4 ― 13-nji martda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň