Arhiw

Elman Tagaýew AFK-nyň kubogy - 2021-de urgusy iň netijeli futbolçy boldy

12:2530.09.2021
0
5283

«Ahalyň» ýarymgoragçysy Elman Tagaýew AFK-nyň kubogy ― 2021-de derwezä azyndan 10 urgy eden futbolçylaryň arasynda iň ýokary netijäni gazandy.

Ýaryşyň heniz dowam edýändigine, «Ahalyň» bolsa sebitleýin finalda ýaryşdan çykandygyna garamazdan, Elman Tagaýew şu ýylky duşuşyklarda garşydaş derwezelere 13 gezek urgy etdi. Onuň 5 pökgüsi derwezä dürs girdi. Şeýlelikde, ol gönükdiren urgularynyň 35,7 göteriminiň dürs bolmagy bilen yklymyň ikinji derejeli ýaryşynda birinji orny eýeleýär.

Bu sanawyň ýene bir guwandyryjy tarapy ilkinji üçlükde «Altyn asyryň» hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýewiň hem bolmagydyr. Yklym ýaryşynda garşydaş derwezelere 15 urgy eden hüjümçi şolaryň 4-sini gol bilen jemledi we 25 göterimlik netije görkezdi.

Ilkinji üçlükdäki iki türkmenistanly futbolçynyň arasynda «Nasafyň» 19 ýaşly zehini Husaýin Norçaýew bar. Derwezelere 16 urgy gönükdiren hüjümçi şolardan 27,2 göterimlik (6 pökgi) netije aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň