Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy adaty iş tertibi dikeldýär

16:4429.09.2021
0
25197

2021-nji ýylyň oktýabr aýyndan başlap Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölümi zerur aralygy we arassaçylyk-sanitariýa düzgünlerini berjaý etmek şerti bilen raýatlaryň kabul edişliginiň bölekleýin dikeldilýändigini habar berýär.

Degişli bildiriş Russiýanyň ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň Telegram kanalynda ýerleşdirildi.

Ilçihananyň resmi web saýtyndaky hasaba alyş şu hepdäniň ahyryna çenli açyk bolar we gelýänleriň resminamalary bilen işlemek aşakdaky ugurlarda amala aşyrylar:

  • Notariuslar ― 2021-nji ýylyň 06-njy oktýabryndan;
  • RWP meseleleri boýunça başlangyç maslahat ― 2021-nji ýylyň 13-nji oktýabryndan;
  • Daşary ýurt pasportlaryny hasaba almak ― 2021-nji ýylyň 18-nji oktýabryndan;
  • Russiýa ýörite uçuş üçin resminamalary tabşyrmak ― 2021-nji ýylyň 18-nji oktýabryndan.

Russiýanyň ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň awgust aýynda uzak aralykdan iş tertibine geçendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň