Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

15:3629.09.2021
1
5650
Türkmenistanyň Prezidenti “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Yug-Neftegaz Private Limited” (Singapur) kompaniýasynyň direktory Igor Burkinskini kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda ugurdaş taslamalary we ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda amala aşyrylýan maksatnamalary ýerine ýetirmegiň çäklerinde özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan bu kompaniýanyň Goturdepe käninde alyp barýan işleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu ýylyň sentýabr aýynda milletiň Lideri Karara gol çekdi. Resminamada “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň bu kompaniýa bilen tebigy uglewodorod käniniň gündogar böleginde 3D, şeýle hem “Günorta Burun” meýdançasynda 2D gözleg-barlag işlerini ýerine ýetirmek boýunça şertnama baglaşmagy göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, Igor Burkinskiý döwlet Baştutanyna alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi we ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ähli tejribesini we mümkinçiliklerini hödürlejekdigini nygtady.

Işewür bildirilen ynam üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etjekdigine we öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýokary derejede ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň