Soňky habarlar

Arhiw

Bu robot ýantorba ýolda ýoldaş bolar

17:0628.09.2021
0
4107

«Piaggio Fast Forward» (PFF) kompaniýasy «Gita» awtomatlaşdyrylan ýantorbalarynyň has kämil görnüşi bolan «Gitamini» robot ýantorbasyny öndürdi.

Ol özbaşdak 35 kilometre çenli ýoly geçip bilýär. Bu bolsa bir gezeklik zarýad bilen alty sagatlap gapdalyňda ýöräp biljekdigini görkezýär.

Robotda gurnalan ösen optika we ulagy görmek ulgamy wizual we radar signallarynyň derňewini ulanyp, adamy yzarlamaga mümkinçilik berer. Şol bir wagtyň özünde, enjam GPS, öýjükli we simsiz aragatnaşyga birikmegi talap etmeýär.

«Gitamini» 9 kilograma çenli ýüki göterip biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň