Soňky habarlar

Arhiw

«EGE Logistics» kompaniýasy maslahat beriş hyzmatyny hödürleýär

16:2828.09.2021
0
4837

«EGE Logistics» kompaniýasy ulag-logistika pudagynda maslahat beriş hyzmatyny hödürleýär. Bu hyzmatyň çäginde kompaniýanyň hünärmenleri demir ýol pudagyndaky ýük daşama meselesi we daşamagyň beýleki görnüşleri barada maglumat bererler. «EGE Logistics» kompaniýasy möhüm ugurlarda dogry karar bermäge hem kömek eder.

«EGE Logistics» kompaniýasy maslahat beriş hyzmatynyň çäginde iberiji ulag görnüşini saýlap, ýüküň gaplanylyşy, zerur ulag resminamalarynyň sanawy, ýüküň daşalýan wagty, bahasy we senesi barada jikme-jik maglumat alyp biler.

Bu kompaniýanyň logistika pudagy babatda alyp barýan maslahat beriş hyzmaty içerki bazar üçin täze we peýdaly hyzmatdyr.

«EGE Logistics» kompaniýasy müşderilerini ýokary hilli hyzmat we işiniň kepilligi bilen üpjün edýändigi sebäpli, özüni tejribeli hünärmen hökmünde görkezdi.

Ulag-logistika pudagyndaky uly tejribesi we bilermenler topary bilen öz işine innowasion ösüşleri yzygiderli girizýän «EGE Logistics» kompaniýasynyň müşderilerine edýän döwrebap hyzmatlarynyň hili günsaýyn gowulaşýar.

«EGE Logistics» kompaniýasy müşderilerini maslahat beriş hyzmatlaryndan başga-da halkara üstaşyr geçirme we multimodal ulag hyzmatlary bilen hem üpjün edýär.

Hyzmatlar barada jikme-jik maglumatlary, şeýle hem habarlaşmaklyk üçin aragatnaşyk maglumatlaryny «EGE Logistics» kompaniýasynyň resmi web sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň