Jigarhanýanyň teatry adyny üýtgedýär

12:4128.09.2021
0
1153

Moskwanyň Jigarhanýanyň teatry öz adyny we repertuaryny üýtgeder, ol indiden beýläk “Progres. Armen Jigarhanýanyň sahnasy” diýlip atlandyrylar. Onuň repertuaryny bolsa, has ýaş we gyzykly sahna eserleri düzer. Bu barada teatryň çeper ýolbaşçysy Sergeý Gazarow metbugata beren beýanatynda habar berdi.

Teatr öňdäki möwsümi “Balalaýkin we K” sahna eseri bilen açar.

Gazarow şeýle hem, teatrdaky özgerişlikleriň onuň nyşanyna, sahnasyna we binanyň iç-daşyna degişli boljakdygyny habar berdi. Esasy özgerişlikler teatrda goýuljak oýunlara degişli bolar, olar şu günki tomaşaçylara düşnükli boljak sahna eserleri bolup, esasan, ýaşlara niýetlener.

“Biziň esasy wezipämiz Armen Borisowiçiň adyny saklap galmakdyr, çünki bu adam özüniň 25 ýylyny şu teatra bagyşlady” diýip, teatryň çeper ýolbaşçysy sözüniň üstüni ýetirdi.

SSSR-iň halk artisti Armen Jigarhanýan öz adyny göterýän drama teatryna 1996-njy ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýärdi, ol 2020-nji ýylyň 14-nji noýabrynda 85 ýaşynda ýurduny täzeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň