Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda döwlet sylaglarynyň gowşyrylyş dabaralary boldy

23:3026.09.2021
0
643

Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, onuň halkara abraýyny artdyrmaga uly goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynda tapawutlanan işgärlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleriniň işgärlerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanyna, döwletimiziň hem-de halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamaga we baýlaşdyrmaga goşan goşantlary, köp ýyllaryň dowamynda çeken päk ýürekli zähmetleri, ýokary hünär ussatlyklary üçin ýurdumyzyň raýatlarynyň uly topary “Altyn asyr”, “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” diýen ordenleri, “Gaýrat”, “Watana bolan söýgüsi üçin” medallary hem-de “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” ýubileý medaly bilen sylaglanyldylar.

Halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini berkitmäge ýardam edýän netijeli jemgyýetçilik işleri, ýaşlary milli gymmatlyklarymyzy, taryhy mirasymyzy hormatlamak, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we gahrymançylyk ruhunda terbiýelemek hem-de bilim bermek işine goşan şahsy goşantlary üçin “Zenan kalby” ordenine mynasyp bolan aýal-gyzlaryň hem-de “Hormatly il ýaşulusy” diýen at dakylan ýaşuly nesliň wekilleriniň bitiren işleri aýratyn bellenildi.

Döwlet Baştutanynyň tabşyrygy boýunça geçirilen dabaralara ruhubelentlik ýagdaýy mahsus boldy. Şol dabaralara Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gatnaşyp, ýygnananlary beýik baýramçylyk — Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygy bilen mähirli gutladylar hem-de bagt, abadançylyk, ata Watanymyzy ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň