Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti TSTB-ä 30 sany ýeňil awtoulagy sowgat berdi

23:5526.09.2021
0
16295

«Aşgabat» söwda-dynç alyş toplumynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygyna täze toplumyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, oňa Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny alamatlandyrýan häzirki zaman ýeňil awtoulaglarynyň 30-synyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu ýerde dünýä ülňülerine we häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän ýokary hilli hyzmatlaryň ýola goýulmagy ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň