Soňky habarlar

Arhiw

Baýden Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

23:0426.09.2021
0
997

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jo Baýden hormatly Prezidentimize Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, bu gutlag hatynda şeýle diýilýar.

Birleşen Ştatlar Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklara ýokary baha berýär hem-de biz Siziň ýurduňyzyň özbaşdaklyk, çäk taýdan bitewülik hem-de hemişelik Garaşsyzlyk ýörelgelerini goldaýarys.

Birleşen Ştatlar Türkmenistany oňa Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, hemişe goldap gelýär. Biz ýola goýlan ikitaraplaýyn esasdaky, howadaky baglanyşykly kynçylyklar e Covid -19 ýaly umumy wehimleri çözmekligi ara alyp maslahatlaşmak arkaly, tutuş Merkezi Aziýada sebit meselelerini hem-de parahatçylygy, şeýle hem durnukly ösüşi üpjün etmek üçin “C5+10” binýatly görnüşiň çäklerindäki ýola goýlan hyzmatdaşlyga buýsanýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň