Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady

23:0226.09.2021
0
2836

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygy bilen gutlady.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň iberen gutlag hatynda şeýle diýilýar.

– Siziň Alyhezretiňiziň ýolbaşçylygynda ösüşiň köp ugry boýunça giň gerimli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şolaryň netijesinde-de, Türkmenistan abadançylygyň we durnuklylygyň merkezine öwrüldi.

Dilimiziň, medeniýetimiziň, taryhymyzyň hem-de ruhy gymmalyklarymyzyň umumylygyna esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň geljekde-de ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, sebit we halkara derejelerinde hem has-da ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz bilen bilelikdäki işiň netijesinde, gazanylan üstünlikleri has-da artdyrmaga umumy gyzyklanmalarymyzyň bardygyny şatdyryn.

Ýakyn wagtda Türkmenistana ozaldan meýilleşdirilen saparymy amala aşyrmagy maksat edinýärin. Öňde boljak sapar biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklarda täze sahypany açjakdygyna ynanýan.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň