Soňky habarlar

Arhiw

«Lezzet garmonynyň» beýnidäki wezipesi täzeden gözden geçirildi

23:1526.09.2021
0
5697

Wanderbilt uniwersitetiniň alymlary gözleg wagtynda dopamin gormonynyň beýnindäki wezipesini täzeden kesgitlediler.

«Lezzet gormony» diýlip atlandyrylýan dopamin adam ýakymly bir zat edende öndürilýär. Mundan ozal ol beýniniň sylag ulgamynyň bir bölegi bolup durýar diýip pikir edilýärdi.

Şeýle-de bolsa, syçanlarda geçirilen synaglar dopaminiň bölünip çykmagyny diňe sylag ulgamyna gatnaşmak bilen düşündirip bolmaýandygyny görkezdi, sebäbi olar gyjyndyrmanyň täzeligi we ähmiýeti baradaky signallara laýyk gelýär.

Alymlaryň pikiriçe, bu açyş, «dopamin» sylag ulgamynyň ideýasyna esaslanýan dürli endikleriň modeliniň işleýiş mehanizmine täzeden garamaga mejbur eder diýip, «lenta.ru» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň