Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen bilelikde amala aşyrmaly wezipelerini kesgitledi

17:3326.09.2021
0
1065

«Dizaýn» ugrundan Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna girizmek, Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny, Türkmen alabaý itlerini ýetişdirmegiň milli tejribesini, Türkmen keçe we demirçilik senedini, Türkmen tazysy we elguşçylyk sungatyny, Türkmen milli göreşini Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň şanly 300 ýyllygyny ÝUNESKO-nyň derejesinde bellenýän şanly seneleriň sanawyna goşmak, ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek, ÝUNESKO-nyň Mekdepler birleşigine ýurdumyzyň orta mekdepleriniň birnäçesini girizmek biziň öňümizde durýan möhüm wezipelerdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň