Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda şu ýyl iri desgalaryň 30-syna derek 56-sy açylyp, ulanylmaga berildi, ýylyň ahryne çenli ýene 14 desga açylar

17:2326.09.2021
0
6013

Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem gowrak bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şäher we oba ýerleriniň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, ulag-logistika üpjünçilik ulgamlaryny döretmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Paýtagtymyzda täze iri ýaşaýyş toplumlarynyň, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň, şeýle hem ýurdumyzyň dürli sebitlerinde häzirki zaman obalarynyňdyr şäherçeleriniň gurluşygy ýokary depginlerde dowam edýär. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli 30 desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulypdy. Ýöne, mähriban halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti netijesinde, ýanwar — sentýabr aýlarynda 56 sany iri desga, şol sanda umumy meýdany 509 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Ýylyň ahyryna çenli ýene-de 14 sany iri desgany we ýaşaýyş jaý toplumlarynyň birnäçesini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň