Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda 44 milliard manada golaý serişde özleşdirildi

17:1626.09.2021
0
1125

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynda hem nygtaýşy ýaly, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy baradaky alada biziň döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, 43 milliard 800 million manat gönükdirildi we özleşdirildi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda 91 hassahana, 153 saglyk öýi we merkezi, 85 medeniýet öýi, 370 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 529 orta mekdep, 117 sport mekdebi, 86 sany sport desgasy, 7 müň kilometre golaý awtomobil ýollary guruldy.

Bulardan başga-da, umumy meýdany 42 million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi, köp sanly beýleki durmuş maksatly taslamalar amala aşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň