Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow: «Türkmenistanda tehnologiýa enjamlaryny öndürýän täze kärhanalary döretmek zerur»

17:0926.09.2021
0
1578

Häzirki döwür täze garaýyşlarydyr innowasion önümçilikleri döretmegi talap edýär diýip, Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynda eden çykyşynda nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýokary tehnologiýalara we düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Biz milli ykdysadyýetimiziň täze, depginli ösýän ugruna öwrülen elektron senagaty döredýäris. Häzirki döwürde ýurdumyzda smart-telewizorlar, noutbuklar, planşetler, monobloklar, sensorly ekrany bolan kompýuterler, çek-printerler, skanerler we beýleki görnüşdäki elektron önümler öndürilýär.

Bu ugurda biz ylmy-barlag edaralary we ýokary okuw mekdepleriniň ylmy merkezleri, elektron aragatnaşygyň önümçilik kärhanalary bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyny geljekki ösüşiň esasy şertlerinden biri hasaplaýarys. Senagat we awtomobil elektronikasyny, lukmançylyk hem-de kompýuter tehnikasyny, elektron we beýleki harytlary öndürmek, şeýle hem täze kärhanalary döretmek zerur diýip pikir edýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň