Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 80-den gowrak kärhana ýüplük öndürýär

17:0326.09.2021
0
1002

―Häzirki döwürde ýurdumyzdaky 80-den gowrak iri dokma kärhanasynda dürli nah we garyşyk ýüplük taýýarlanýar ― diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynda eden çykyşynda nygtady.

Dünýä bazarlarynda uly isleg döredýän tüýjümek, jins we örme matalar, köp görnüşli taýýar eginbaşlardyr el halylary öndürilýär.

Ýaňy-ýakynda hem Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda täze dokma toplumy işe girizildi we Babadaýhan etrabynda-da ýene bir dokma toplumyny ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň