Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň ekologiýa syýasatyna ünsi çekdi

16:5726.09.2021
0
931

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynda eden çykyşynda ýurtda ekologiýany gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere ünsi çekdi.

Biz Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup, zeý suwlaryny toplaýan «Altyn asyr» Türkmen kölüni gurup, ýurdumyzda daşky gurşawa aýawly garamak boýunça möhüm işleriň amala aşyrylýandygyny bütin dünýä görkezdik. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda göwrümi 18 million kub metr bolan howdany ulanmaga berdik, Bu taslamanyň amala aşyrylmagy suw serişdelerini aýawly ulanmakda we oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almakda ýene-de bir möhüm ädim boldy diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Daşky gurşawyň arassalygyny we baýlygyny gorap saklamak, tebigy serişdelere aýawly garamak we olary tygşytly ulanmak, önümçilige ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarydyr diýip, milletiň Lideri nygtady.

Ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologik abadançylygy üpjün etmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak boýunça işleri amala aşyryp, biziň ýurdumyz häzirki döwrüň möhüm ekologiýa we suw meselelerini çözmekde abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda çykyş edýär.

Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Aşgabatda sebit merkezini açmak, Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny we Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky biziň tekliplerimiz dünýäde giň goldaw tapdy diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda hem Türkmenistan howanyň üýtgemegine getirýän ýaramaz täsirleri azaltmak we oňa uýgunlaşmak maksady bilen, sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça teklipleri öňe sürdi. Ýurdumyz çölleşmä garşy göreşmek, suw we energetika serişdelerini aýawly ulanmak, daşky gurşawy goramak, serişde tygşytlaýjy hem-de «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmaga, şol sanda dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge gönükdirilen taslamalarydyr maksatnamalary taýýarlamak baradaky başlangyçlar bilen çykyş etdi.

«Türkmenistanyň Aral boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň», «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň» rejelenen görnüşiniň, «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň we sebitiň ekologik abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň esasy bolup durýar diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň