Arhiw

Berdimuhamedow: «Türkmenistan elektrik energiýasyny eksport edýän kuwwatly döwlete öwrülýär»

16:5226.09.2021
0
1720

«Energetika senagaty hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolup durýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda täze kuwwatly elektrik stansiýalaryny gurup, ulanmaga bermek, hereket edýän gazturbinaly elektrik stansiýalaryny döwrebap ýagdaýa getirmek hem-de olaryň täzelerini gurmak boýunça depginli işler alnyp barylýar» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.

Ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyz Aşgabatda halkalaýyn energetika ulgamy döredildi. Häzirki zaman energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary peýdalanmak esasynda elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi has-da gowulandyrmak, ýerli tebigy-howa şertlerini nazara alyp, Gün we ýel energiýasyny almak bilen bagly taslamalary amala aşyrmak boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Mary welaýatynda Merkezi Aziýada iň uly ýokary tehnologiýaly elektrik stansiýasy guruldy. Döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli bolsa, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwaty 432 megawat bolan gazturbinaly täze elektrik stansiýasy ulanmaga berildi. Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda Gün we ýel elektrik energiýasyny öndürýän stansiýany gurmak hem göz öňünde tutulýar. Bu işleriň ählisi ata Watanymyzy elektrik energiýasy bilen özüni doly üpjün edýän we ony daşary ýurtlara hem ibermäge örän uly mümkinçiligi bolan döwlete öwürýär diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň