Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ykdysadyýetine 30 ýylda 200 milliard amerikan dollaryndan kän möçberde maýa goýuldy

16:4726.09.2021
0
4992

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynda eden çyyşynda ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan iri maýa goýumlarynyň möçberiniň 200 milliard amerikan dollaryndan hem geçendigini belledi.

Bu serişdeleriň 60 göterimden hem köpüsi senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirildi.

Daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy onuň umumy möçberiniň 15 göterimine golaýlaýar. «Adam maýasyna», ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryna hem köp serişdeler goýberildi. Häzirki döwürde Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň maliýe taýdan durnukly ösüşi saklanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň