Soňky habarlar

Arhiw

Çagalygy we ýetginjekligi Aşgabatda geçen Leonid Filatowyň şu gün doglan güni

11:2924.12.2014
0
4098

Aşgabat, 24-nji dekabr. «Türkmenportal».

Leonid Filatow 1946-njy ýylyň 24-nji dekabrynda Kazanda dünýä inipdir. Ene-atasy aýrylyşansoň, 7 ýyl ejesi bilen Aşgabatda ýaşapdyr. Ol bu ýerde mekdepde okapdyr we Aşgabatdaky gazet-žurnalarda çykyş edip durupdyr.

 1965-nji ýylda mekdebi tamamlap, artist bolmak barada belli-külli karara gelipdir. Şukin adyndaky uçilişäniň aktýorçylyk fakultetine okuwa giripdir. Edebi döredijilik bilen meşgullanypdyr, goşgy ýazypdyr. 1969-njy ýylda Moskwa şäherinde Tagankadaky teatra işe durupdyr. Şol bir wagtyň özünde edebi döredijiligini-de dowam etdiripdir. Onuň “Lizistrata”, “Çakgan hem mergen ýigit Fedot hakynda”, “Robin Guduň uly söýgüsi”, “Üç pyrtykala bolan söýgi”, “Men – teataryň adamsy”, “Ak dabanyň çagalary” ýaly kitaplary çapdan çykypdyr.

Esasanam, “Lizistrata” komediýasy has uly üstünlik getirip, onuň üçin Filatow “Oktýabr” žurnalynyň edebiýat baýragyna mynasyp görlüpdir. Leonid Filatow şeýle-de teatr üçin “Ikatýokly sagat”, “Öwüsýän adamlar”, “Şerwud tokaýyndan gelen suratkeş” ýaly   pýesalary hem ýazypdyr.

Filatow 1970-nji ýyldan başlap, kinoda surata düşüp ugraýar. Ol “Ilkinji söýginiň şäheri”, “Ekipaž”, “Zenanlar çynlakaý degişýärler”, “Çiçerin”, “Fleýta üçin ýatdan çykan owaz”, “Haýyr-sahawat baly” ýaly ençeme filmlerde dürli gahrymanlaryň keşplerini janlandyrdy.

1990-njy ýylda “Ak dabanyň çagalary” boýunça film surata düşürip, onda hem edebi esasy ýazyjy, hem-de artist bolup çykyş etdi. 1996-njy ýylda Kaçan bilen bilelikde “Mämişi reňkli pişik” ady bilen aýdymlar diskini çykardy. “Ýatlap dursadylar” atly awtorlyk programmasy üçin oňa «ТЭФИ» baýragy we Russiýa Federasiýasynyň kino we telewideniýe boýunça döwlet baýragy gowşuryldy.

 Leonid Filatow 2003-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Moskwada uzaga çeken agyr keselden soň aradan çykdy. Wagankowsk gonamçylygynda jaýlanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň