Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly zenanlaryň 6-syna "Zenan kalby" ordeni gowşuryldy

10:2426.09.2021
0
5593
Türkmenistanly zenanlaryň 6-syna "Zenan kalby" ordeni gowşuryldy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasy bilen ýurduň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak bellenildi:

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäherindäki 67-nji orta mekdebiniň mugallymy Nartäç Muhammetnazarowany,

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bäherden şäher Geňeşiniň hünärmeni Orazbike Pirmuhammedowany,

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Balkan welaýat medeniýet merkeziniň işçisi Gözel Hudaýberdiýewany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 20-nji orta mekdebiniň mugallymy Eneş Atabaýewany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky 30-njy orta mekdebiniň mugallymy Rozygül Altyýewna Ýalkapowany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mary welaýatynyň Mary etrabyndaky 2-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Aksoltan Öwezberdiýewna Baýramowany.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň