Soňky habarlar

Arhiw

Nailähanum Färäjowa: Türkmenistanyň raýaty bolmak biziň üçin uly bagt

11:3625.09.2021
0
1565

24-nji sentýabrda Döwlet migrasyýa gullugynyň maslahatlar zalynda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasyna laýyklykda 2657 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilip, olara pasportlar gowşuryldy. Dabaranyň dowamynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň ýaşaýjysy Nailähanum Färäjowa habarçymyza şeýle gürrüň berdi:

— Bu gün meniň ýyllar boýy eden arzyly arzuwym hasyl boldy. Hormatly Prezidentimiziň sahawatly Permany bilen maňa «Türkmenistanyň raýaty» diýen belent ada mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Meniň bilen birlikde dört perzendime — iki ogluma we iki gyzyma hem Türkmenistanyň raýaty diýen ada eýe bolmak bagty miýesser etdi. Söz bilen beýan edip bolmajak bagt, megerem, şu bolsa gerek! Sag bolsun mertebesi belent Prezidentimiz.

Men 1962-nji ýylda Azerbaýjan Respublikasynyň Masally raýonynyň Kalinowka obasynda doguldym. 20 ýaşymda, ýagny 1982-nji ýylda Türkmenistana geldim. Şol ýyldan bäri hem Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýaşaýaryn.

Öýli-işikli bolup, daýhançylyk bilen meşgullanýarys.

Aslynda hormatly Prezidentimiziň saýasynda bize işlemäge, halal zähmet çekmäge ähli mümkinçilikler döredilen. Türkmenistanyň paýatynyň pasportynyň bolmagy biziň hukuklarymyzy has-da giňeldýär. Biz indi ýurdumyz tarapyndan raýatlara edilýän ýeňilliklerden doly peýdalanyp bilýäris. Bize bu günki gowşurylan pasport diňe bir şahsyýetňi tassyklaýan resminama däl, ol biziň döwlet tarapyndan goraglylygymyzdyr, ertirki günümize ynamymyzdyr.

Şu gezek Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň pasportuny alanlaryň arasynda 21 milletiň wekilleriniň bardygyny aýtdylar. Bu gün, görüň, nijeme ojaklarda begenç, şatlyk duýgulary döredi. Dünýäde abraý-mertebesi gün-günden artýan Türkmenistanyň raýaty bolmak biziň üçin uly bagt.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň