Arhiw

Lepably wekiliýet Özbegistanyň Buhara welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

23:4924.09.2021
0
1112

Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisleriniň birinde hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 22-nji sentýabrda Lebap welaýatynyň wekilçilikli topary Özbegistanyň Buhara welaýatynda iş saparynda boldy.

Milli metbugatda habar berlişi ýaly, soňky üç-bäş ýylyň içinde Buharanyň wekilçilikli topary birnäçe ýola Lebap welaýatyna gelip gitdi. Ildeşlerimiz hem goňşy döwletde bolup, ikitaraplaýyn bähbitli gepleşikleriň uly toparyny geçirdiler. Häzirki wagtda şol gepleşikler öz netijesini berip, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky eksport-import hyzmatdaşlygy barha giň gerime eýe bolýar.

Şu gezek goňşy döwlete sapara giden toparyň içinde welaýat, etrap häkimlikleriniň, hususyýetçileriň, alyjylar jemgyýetleriniň, oba hojalykçylaryň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bar.

Türkmen wekiliýeti Garaköl etrabynda ýaňy-ýakynda ulanylmaga berlen medeniýet merkezi bilen tanyşdylar.

Şeýle hem günüň birinji ýarymynda myhmanlar etrapda ýerleşýän Halkara matematika mekdebinde, etrabyň Saýat obasynyň ýakynyndaky gowaça meýdanlarynda boldular. Halkara matematika mekdebi Özbegistanda iň göreldeli orta bilim ojaklarynyň biridir. Onda okaýan okuwçylar halkara ders we taslama bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edýärler. Saýat obasyndaky gowaçaly atyzlarda bolsa taraplar ekini damjalaýyn usulda suwarmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Welaýat bilen tanyşlyk soňra Buhara şäherinde dowam etdi. Bu ýerde türkmen wekiliýeti kuwwatly dokma kärhanasynyň işi bilen tanyşdy.

Buhara döwlet hyzmatlary gullugyndaky tanyşlyk has-da täsirli boldy. Bu gullukda döwlet hyzmatlary merkezleşdirilipdir. Raýat bir binadan çykman, birnäçe hyzmatdan sanly görnüşde peýdalanyp bilýär.

Şäheriň iň iri seýilgähleriniň birinde welaýatyň senagat önümleriniň sergisiniň ýaýbaňlandyrylmagy günüň esasy wakalarynyň biri boldy. Sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň wekillerinde aýratyn gyzyklanma döretdi. Olar bu ýerde ikitaraplaýyn gepleşikleriň birnäçesini geçirdiler.

Şol gün Bahaweddin Nagyşbendiniň ýadygärligine zyýarat edildi. Türkmen wekiliýeti beýleki taryhy ýadygärliklere hem baryp gördüler. Bu ýerde olara taryhy muzeýiň gymmatlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.

Şäheriň etegindäki hususy ýyladyşhanalar toplumy bilen tanyşlyk hem täsirli boldy. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň gündogar sebi- tinde hem döwrebap ýyladyşhanalaryň ýüzlerçe gektary bar. Şeýle bolansoň, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk geljekde türkmen we özbek işewürleri üçin bähbitli bolar.

Günüň ahyrynda Buhara welaýatynyň häkimligi tarapyndan türkmen wekiliýetine resmi agşamlyk nahary berildi.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň