Arhiw

“Airbus” kompaniýasy “uçýan taksisini” tanyşdyrdy

16:2324.09.2021
0
1841
“Airbus” kompaniýasy “uçýan taksisini” tanyşdyrdy

Ýewropanyň öňdebayrjy awiagurluşyk kompaniýasy bolan “Airbus” kompaniýasy özüniň “uçýan taksi” taslamasyny Tuluzadaky sammitinde tanyşdyrdy.

“Uçýan taksi” dikuçara meňzeýär. Bu modele “äpet sürüjisiz” ulag lakamy berildi. Ýöne resmi taýdan “CityAirbus NextGen” ady berildi.

Dört ýolagça niýetlenen bu uçýan taksiniň iň ýokary tizligi sagatda 120 kilometre barabar bolar. Şeýle hem ekologiýa taýdan arassa ulag bolan bu “uçýan taksi” elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr.

“CityAirbus NextGen” entek gutarnykly däl. Ilkinji uçuş 2023-nji ýylda meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň