Arhiw

Müsür özünde BMG-niň howanyň ýagdaýy boýunça maslahat geçirmegi teklip etdi

15:0324.09.2021
0
1180
Müsür 2022-nji ýylda BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatyny geçirmek üçin taýýarlyk görýär. Bu barada duşenbede ýurduň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi habar berdi.
Müsüriň döwlet Baştutany BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçen howanyň ýagdaýy boýunça onlaýn-duşuşygynda şeýle teklibi öňe sürdi. Ol bu sammitiň Afrika yklymynyň we bütin dünýäniň howanyň meseleleri boýunça tagallalarynda düýpli pursat boljakdygyna ynam bildirdi. Onuň sözlerini Müsüriň Prezidentiniň diwanynyň resmi wekili Bassam Rady özüniň “Facebookdaky” sahypasynda ýerleşdirdi.
As-Sisi: “Häzir dünýä howanyň üýtgemegi bilen bagly kyn ýagdaýlary başdan geçirýär, muňa dürli ýurtlardaky ýangynlar hem güwä geçýär” diýdi.
20-nji sentýabrda BMG-niň baş sekretary Antoniu Guterriş dünýä howanyň maýlamagy sebäpli tebigy betbagtçylyga tarap ugur aldy diýip resmi beýanatynda nygtady. Ol munuň öňüni almak üçin 2030-njy ýyla howa taşlanýan zyýanly gazlary 45 göterim azaltmagy teklip etdi.
14-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda Milletler Bileleşiginiň 76-nji maslahaty açyldy. Ýokary derejedäki maslahat hepdeligi 21-nji sentýabrda başlandy we ol 27-nji sentýabra çenli dowam eder. Onda döwlet Baştutanlarynyň 110-sy, hökümet başlyklarynyň 50-si we DIM-leriň başlyklarynyň 20-den gowragy çykyş eder.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň