«Gazprom» maksatnamalaýyn hyzmat işleri sebäpli gaz ibermegini wagtlaýyn togtadar

15:0024.09.2021
0
1190

Russiýanyň Hytaýa tebigy gaz iberýän “Sibiriň güýji” atly turbageçirijisiniň işi maksatnamalaýyn hyzmat işleri sebäpli bir hepdelik togtadylar. Bu barada RF-niň “Gazprom” döwlet edarasy resmi habar berdi.

“Biz geçiriji arkaly gaz ibermegimizi bir hepde bes ederis, meýilleşdirilýän işler Hytaýyň CNPC kompaniýasy bilen geçen ýyl ylalaşyldy. Öň gazanylan ylalaşyga laýyklykda, enjamlarda we geçirijiniň ulgamynda hyzmat işleri ýylda iki gezek: ýazda we güýzde geçirilýär” diýlip habarda aýdylýar.

Rus gazy Hytaýa Ýakudystandaky Çaýandin ýatagyndan “Sibiriň güýji” geçirijisi arkaly 2019-njy ýyldan bäri akdyrylýar, bäş ýyldan soň ondan her ýyl 38 milliard kub metre çenli “mawy ýangyç” ibermek göz öňünde tutulýar.

Geçen ýyl HHR-e gaz geçiriji boýunça 4,1 milliard, şu ýylyň geçen 7 aýynda 5,5 milliard gaz iberildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň