Soňky habarlar

Arhiw

«Talyplar» BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatynda çykyş etmekçi

14:5324.09.2021
0
484
«Talyplar» BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatynda çykyş etmekçi

Owganystanda häkimiýeti ele alan “Talyban” hereketi (RF-da gadagan edilen gurama) Birleşen Milletleriň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli ýygnagynda çykyş etmek isleýär.

Bu barada AP habarlar gullugy ýazýar.

BMG-niň metbugat kätibi Stefan Dýužarrik Guramanyň baş sekretary Antoniu Guterrişe Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Muttakiniň goly goýlan “Owganystanyň Yslam Emiraty, Daşary işler ministrligi” diýlip resmi hat gelip gowşandygyny aýtdy. Hatda Owganystandaky täze hökümetiň wekiliýetiniň BMG-niň dünýä Liderleriniň ýygnagyna gatnaşdyrylmagyna rugsat soralýar.

Ýeri gelende aýtsak, BMG Owganystan üçin haýyr-sahawat kömegi hökmünde 600 million dollardan gowrak serişde toplamagy maksat edinýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň