Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandan Russiýa ýene bir ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar

11:2824.09.2021
0
24987

«Sibir» awiakompaniýasy 29-njy sentýabrda Aşgabat ― Moskwa aralygynda ýörite uçuşy meýilleşdirýär. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň «Telegramdaky» kanalynda habar berilýär.

S78536 belgili bu gatnawy Domodedowo adyndaky halkara howa menzili hem resmi saýtynda bellige aldy.

Şeýlelikde, pandemiýa döwründe Türkmenistandan Russiýa 22-nji ýörite gatnaw amala aşyrylar. Mundan öňki uçuş 17-nji sentýabrda bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň