Soňky habarlar

Arhiw

«Nasaf» AFK-nyň kubogy ― 2021-iň Inter zolagynyň ýarym finalynda Hindistanyň «Mohun Baganyny» uly hasap bilen ýeňdi

23:5022.09.2021
0
4244

AFK-nyň kubogy ― 2021-iň sebitleýin finalynda «Ahaldan» üstün çykyp, Inter zolagyň ýarym finalyna gatnaşmaga hukuk gazanan Özbegistanyň «Nasaf» futbol topary ýaryşyň bu tapgyryndan hem üstünlikli geçdi.

22-nji sentýabrda Garşy şäherindäki Merkezi stadionda geçirilen duşuşykda «Nasaf» Hindistanyň «Mohun Baganyny» kabul etdi. Duşuşyk 6:0 hasabynda özbek toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Pökgüleri 4-nji minutda Suhrob Nurolloýew, 17-nji, 20-nji we 30-njy minutlarda Husaýn Norçaýew, birinji ýarymyň goşmaça minutlarynda Oýbek Bozorow, 72-nji minutda Doniýor Narzullaýew geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň