Soňky habarlar

Arhiw

“McDonald's” 2025-nji ýyla çenli plastik oýnawaçlardan ýüz öwürmekçi

19:1023.09.2021
0
983

“McDonald's” kompaniýasy özüniň bütin dünýädäki garbanyşhanalarynda satylýan Happy Meal atly meşhur plastik oýnawaçlaryndan 2025-nji ýylyň aýagyna çenli ýüz öwürmekçi. Bu barada UNN habarlar gullugy ýazýar.

Habarda kompaniýanyň ady tutulan oýnawaçlaryny gaýtadan işlenen materiallardan ýasalan ýa-da biologiki we ösümlik gelip çykyşly oýunjaklar bilen çalyşmakçydygy aýdylýar.

Häzir wagtda kompaniýa plastik oýnawaçlarynyň her gün müňlerçesini müşderilerine satýar, emma täze bildirilen talaplar ony Happy Meal oýnawaçlaryny 2018-nji ýyldaka garanda, 90 göterim azaltmaga mejbur eder diýlip çaklanylýar.

Awstraliýanyň “Minderoo Foundation” haýyr-sahawat gaznasynyň barlaglaryna görä, häzirki wagtda dünýäde 20 kompaniýa bir gezek ulanylýan plastik önümleriň 50 göterimini öndürijiler bolup durýar. Olaryň hatarynda Coca-Cola, Pepsi we Nestle dünýäde plastik önümler bilen daşky gurşawy hapalaýan esasy kompaniýalar diýlip yglan edildi. Şu ýylyň fewralynda Coca-Cola plastikden doly ýüz öwürmek üçin kagyz çüýşe gaplary uzak möhletleýin ulanmak maksady bilen synag etmekçidigini habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň