Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäde iň uzak ýaşly ekiz uýalar Ýaponiýada ýaşaýar

19:0723.09.2021
0
2149

Ýaponiýaly uýalar Sumiýamu we Kume Kodamular dünýäde iň uzak ýaşly ekizler diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabynda bellige alyndy. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda uýalar 107 ýyl 300 gün ýaşady. Bu barada Ginnesiň kitabynyň saýty habar berdi.

Olar 1913-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Ýaponiýanyň Sýodo adasynda, 13 adamdan ybarat uly maşgalada dünýä indi.

Ýakynlarynyň aýtmagyna görä, garrylar örän ruhubelent, gürrüňçiligi halaýarlar. Olaryň daş keşbi-de juda meňzeş.

Ýaşlykdan olar aýry ýaşap başladylar. Kume orta mekdebi tamamlandan soňra adany terk etdi. Olar iki sany jahan urşuny başdan geçirdiler.

Uýalar birek-birekden 300 kilometr uzaklykda ýaşansoňlar, esasan, toýda, ýasda görüşýärdiler.

Olar häzirem aýry garrylar öýlerinde ýaşaýarlar. Koronawirus ýokanjy sebäpli, Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri olar bilen duşuşyp bilmediler, şonuň üçin olara güwänamalary ibermeli boldy.

2019-njy ýylda dünýäde iň uzak ýaşly är-aýal — 106 ýaşly Jon Henderson we 105 ýaşly Şarlotta özleriniň bilelikdäki maşgala durmuşynyň 80 ýyllygyny baýram etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň