Soňky habarlar

Arhiw

«YouTube» wideogörnüşleri göçürip almaga mümkinçilik berjek hyzmatyň üstünde işleýär

17:0323.09.2021
0
5430

«YouTube» goşmaça programma ulanmasyzdan, wideogörnüşleri ýükläp almak boýunça ýöriteleşdirilen hyzmaty synagdan geçirýär.

Munuň üçin «YouTube Premium» hyzmatynyň müşderisi bolmaly. Ol wideogörnüşleri oflaýn usulda görmäge we göçürip almaga mümkinçilik berer.

Göçürip alanyňyzdan soň, wideogörnüşler «Ýüklemeler» bölüminde elýeterli bolar. Häzirki wagtda wideolary Google Chrome, Microsoft Edge we Opera ýaly brauzerlere ýükläp bolýar.

«W3bsit3-dns.com.to»-nyň habar bermegine görä, täze hyzmat häzir synag edilýär. Onuň haçan goýberiljekdigi belli däl.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň